- mama
- 1[ma:ma]1) Ejeňiň ejesi.∙ Gyzlaryň mamasy, Akgözel ejäniň ejesi Artykgül eje-de öz gyzynyň aýdanyny makullady. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)∙ Ejesi keselläninde, mamasy bu dermanhana derman almak üçin gelerdi. («Pioner» žurnaly)∙ Mamam bilen çykyp tamyň üstüne, Gurt serdik, ak kagyz düşäp astyna. («Sowet edebiýaty» žurnaly)2) Garry aýallara ýüz tutulyp aýdylýan söz.2[ma:ma]Medisina Bedeniňe iriňli düwürtik örmek bilen ýüze çykýan agyry, ýokançly kesel.∙ Italmaz aga, seniň munyň gyzamyk-da däl, mama hem däl. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)∙ Häzirki wagtda garahassalyk, mergi, mama keselleriniň soňuna çykyldy. («Mydam Taýýar» gazeti)∙ Güne ýanan ýüzünde mamanyň yzy mese-mälim bolup duran bu adam köpi gören, özüni her ýerde tertipli saklap bilýän adama meňzeýärdi. (B. Seýtäkow, Moskwanyň Ýalkymy)◊ mama dişän — Ýüzde, bedende mama keseliniň yzy galan, gotur (adam hakynda).∙ Bu iki keýwanynyň biriniň tegelek mama dişän agras ýüzi bardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Onuň mama dişän ýüzüne ynjy alamaty gelip gondy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.